ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimow Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimow Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow resmi metbugat ýygnagynda çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 11-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow penşenbe güni Aşgabatda ýerleşýän ABŞ-nyň ilçisiniň rezidensiýasynda geçirilen resmi metbugat ýygnagynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda alyp barýan işini tamamlap, özüniň maşgalasy bilen ABŞ-a yzyna dolanjakdygyny aýtdy.

Metbugat ýygnagynda ilçi Metýu Klimow Türkmenistanda alyp barýan işiniň ähmiýeti barada aýdyp, ýurtda dört ýyldan gowrak wagt bäri ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesinde işleýändigini belläp, bu mümkinçilik üçin minnetdarlygyny bildirdi.

ABŞ-nyň ilçisi 2023-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarda wajyp ösüşleriň gazanylandygyny nygtady. Ilçi öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hyzmat eden ýokary derejeli ýygnaklara we üstünliklere ýokary baha berdi.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi 2023-nji ýylyň ýokary derejeli duşuşygy hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasyndaky duşuşygy görkezdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken we ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen ýokary derejeli geňeşmeleri geçirdi.

2022