Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda anna güni Mary şäheriniň Gurbanguly hajy metjidine, welaýatyň harby howa menziline, “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna hem-de Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine bardy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mary şäheriniň Gurbanguly hajy metjidiniň ymamy we din wekilleri bilen söhbetdeş bolup, öten-geçenleri ýatlap sadaka berilse, pederlerden gelýän däp-dessurlaryň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezer diýip belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly işleriň çäklerinde harby howa menziliniň işi, bu ýerde bar bolan uçarlaryň we dikuçarlaryň tehniki aýratynlyklary, harby uçarmanlaryň gulluk hem-de durmuş şertleri bilen gyzyklandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda welaýatyň Murgap etrabynyň “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna bardy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çopan M.Ataýewiň işi, durmuşy bilen içgin gyzyklanyp, kärendeçilik usulynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine bardy we halkara ähmiýetli ýoluň gurluşygynda işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň iş şertleri bilen gyzyklandy.
Mundan başga-da, Mary şäherinde ýerleşýän Gurbanguly hajy metjidiniň degişli binasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan toý sadakasy berildi.