“Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanynyň 172 sany şekili hödürlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanynyň 172 sany şekili hödürlenildi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda gecirilen Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagy. 2024-nji ýylyň 12-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanda “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak boýunça geçirilen bäsleşikde nyşanyň 172 sany şekili hödürlenildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2024-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşik boýunça gelip gowşan teklipleri jemlemek hem-de “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşany hakyndaky” Düzgünnamanyň taslamasyna gaýtadan seretmek boýunça Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi.

Ýygnagyň barşynda “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşik boýunça hödürlenen 172 sany nyşanyň şekillerinden 5 sanysy saýlanyp alyndy we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli diýen netijä gelindi.

Şeýle hem Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagynda “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşany hakyndaky” Düzgünnamanyň taslamasy boýunça gelip gowşan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olary Düzgünnamanyň taslamasyna girizmek barada ylalaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022