Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar saparlaryň ýokary derejede geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň anna güni habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler we hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara gyrgyz-türkmen toparynyň möhüm ornuna ünsi çekdiler. Şeýle hem Serdar Muhammetdurdyýew we Azizbek Madmarow bu toparyň indiki altynjy mejlisini geçirmegiň we ozal gazanylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.
Mundan başga-da, duşuşykda energiýa, ulag-logistika pudaklarynda we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew we Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar we yzygiderli aragatnaşygy saklamagy ylalaşdylar.