Türkmenistan bilen Italiýa hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmegi maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Italiýa hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň Ka-Sagredo köşgünde tanyşdyrylyşy, Italiýa. (Surat: Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow anna güni Weneto sebit häkimliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Analiza Bisson bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşler ikitaraplaýyn saparlaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berdiler.

Ilçi Toýly Kömekow ýokary derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmeginde möhüm we esasy görkeziji bolup durýandygyny aýtdy.

Analiza Bisson öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan dilinde Ka-Sagredo köşgünde ýokary derejeli tanyşdyrylyşynyň geçirilendigini belledi we bu kitabyň italýan jemgyýetine türkmen halkynyň baý, köp asyrlyk taryhy, medeniýeti we ruhy dünýäsi bilen tanyşmaga mümkinçilik döretjekdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Weneto sebitiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etdirmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen işjeň gepleşiklere taýýardyklaryny tassykladylar we birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

2022