Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň täze Patyşasyny gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň täze Patyşasyny gutlady
Daniýanyň Patyşasy Frederik X Şa aýaly Mary we çagalary bilen, 2024-nji ýylyň 14-nji ýanwary, Kopengagen, Daniýa (Surat: AP)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Frederik X-a Daniýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Siziň hökümdarlyk etmegiňizde Daniýanyň durmuş-ykdysady babatda ýokary ösüşleri gazanjakdygyna, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza bolsa täze itergi beriljekdigine ynanýaryn” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Frederik X-a berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.

“Reuters” agentliginiň habar bermegine görä, Frederik X Daniýanyň Şa aýaly hökmünde 52 ýyl höküm süren ejesi Margrete II -niň tagtdan meýletin ýüz öwürenligi sebäpli Daniýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçdi.

2022