Daşoguz welaýatynyň telekeçileri pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz welaýatynyň telekeçileri pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirýärler
Pawlowniýa agaçlary

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz we Şabat etraplarynyň telekeçileri pawlowniýa agajyny öz ýerlerinde ösdürip ýetişdirýärler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, pawlowniýa agajy aýazly we yssy howa çydamlylygy sebäpli Daşoguz welaýatynyň howa şertlerinde ösmegi üçin örän amatlydyr.

Bu agaç dürli ugurlarda giňden ulanylýar, ol has hem gurluşyk pudagynda meşhurdyr. Ondan mebel, saz we sport gurallary ýasalýar.

Galyberse-de, pawlowniýa agajy iň çalt ösýän agaçlaryň biri hasaplanýar we ony täzeden ekmezden birnäçe gezek kesip bolýar. Şol bir wagtyň özünde agajyň şahalaryny we ýapraklaryny öý haýwanlary üçin iým hökmünde ulanyp bolýar.

2022