Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurduň daşary syýasat edarasynyň binasynda 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky nobatdaky ministrleriň duşuşygyny ýokary derejede geçirmeklige we oňa taýýarlyk görmeklige aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn garaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle hem ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” formatynda ýola goýulan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine taraplaryň gyzyklanmasynyň bardygy bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum boýunça ýokary derejeli Forumyň meseleleri barada pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.