Türkmen wekiliýeti Brýusseldäki “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Brýusseldäki “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşar
“Global Gateway 2023” forumy, 2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabry, Brýussel, Belgiýa. (Surat: Ýewropa Komissiýasy)

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen wekiliýetiniň “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Hasabata görä, çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikleri, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumyna ýurduň wekiliýetiniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, forumyň çäklerinde “Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri” atly plenar ýygnagy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew agentligiň garamagyndaky düzüm birlikleriniň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Meýilnamalarda ulag infrastrukturalaryny sebitiň üstaşyr mümkinçilikleri bilen netijeli utgaşdyrmak arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

2022