Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýadaky möhüm hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Şeýle hem Margaritis Şinas Merkezi Aziýanyň durnuklylyk we oňyn özgerişlik ruhy bilen häsiýetlenýändigini nygtady.
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna edýän saparynyň ÝB-niň sebitiň durmuşyna işjeň gatnaşýandygyny görkezýändigini aýtdy. Margaritis Şinas Türkmenistana iş saparyndan öň Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda saparda boldy.
Wise-prezident çäräniň dowamynda Merkezi Aziýadaky oňyn özgertmelere ünsi çekdi we ÝB-niň gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen möhüm maýa goýum maksatnamasyna ygrarlydygyny belläp geçdi. Şeýle hem Margaritis Şinas Merkezi Aziýanyň gündogar bilen günbatary birleşdirýän strategiki köpri hökmünde “Global Gateway” başlangyjyndan peýdalanmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Margaritis Şinas Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň syýasy ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda olaryň ÝB-niň maýa goýum meýilnamasyna gyzyklanma bildirendiklerini belläp geçdi.
Metbugat ýygnagynyň ahyrynda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumynyň Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň syýasy wekillerini, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekillerini we hususy maýadarlary bir ýere jemläp, pikirleri anyk ädimlere öwürmäge ýardam etjekdigini aýtdy.
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.