Türkmenistanda ýylylyk we ses izolýasiýa plitalaryny öndürýän zawod gurmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýylylyk we ses izolýasiýa plitalaryny öndürýän zawod gurmak meýilleşdirilýär
Gazagystanyň ýylylyk plitalary boýunça önümçiligi. (Surat: stroiteh-msk.ru)

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýylylyk we ses izolýasiýa plitalary we düşekleri, hem-de üznüksiz süýümleri öndürýän zawod gurmak meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýylylyk we ses izolýasiýa plitalary we düşekleri, hem-de üznüksiz süýümleri öndürýän zawodynyň gurluşygy boýunça taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak üçin açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär. Bu bäsleşik “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde penşenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin oňa gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasy goşulan hem-de ýazmaça görnüşde ýazylan arza tabşyrylmaly.

Şeýle hem bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 ABŞ dollary möçberinde (şol sanda 225 ABŞ dollary GBüS tölegi) ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde tölemeli.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

2022