TSTB agzalaryny Balkan welaýatynda täze desgalary gurmak işlerine gatnaşmaga çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB agzalaryny Balkan welaýatynda täze desgalary gurmak işlerine gatnaşmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) birleşmäniň agzalaryny Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Bereket hem-de Gyzylarbat etraplarynda dürli maksatly desgalary gurmak işlerine gatnaşmaga çagyrýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, TSTB-nyň yglan eden degişli bildirişi “Türkmenistan” gazetinde penşenbe güni çap edildi.

Bildirişe laýyklykda, birleşmäniň agzalary Balkanabat şäheriniň ösen senagat zolagynda önümçilik desgalary, Balkanabat şäherinde 1 gektar meýdanly azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammary, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde keramzit öndürýän kärhanany, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde sement öndürýän zawodyny, Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesinde ýod öndürýän zawodyny, Gyzylarbat etrabynyň Rowaç obasynyň çäginde 1 sany 300 orunlyk toý mekany gurmak işlerine gatnaşmaga çagyrylýar.

Şeýle hem Gyzylarbat etrabynyň Rowaç obasynyň çäginde 1 sany 50 m2 meýdanly azyk we senagat harytlary dükanyny, Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň çäginde 1 sany 300 orunlyk toý mekanyny, Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň çäginde 1 sany 1000 m2 meýdanly hyzmatlar öýüni, Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň çäginde 1 sany bazarly söwda merkezini, Gyzylarbat etrabynda (“Altyn asyr” Türkmen köli) 1 gatly azyk we senagat harytlarynyň dükanyny, Gyzylarbat etrabynda (“Altyn asyr” Türkmen köli) 1 sany balykçylyk hojalygyny gurmak meýilleşdirilýär.

2022