“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda 2024-nji ýylyň dowamynda alnyp baryljak işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” hem-de 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanylan maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, ýylyň dowamynda ýurdy makroykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge hem-de ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, pudaklaryň we sebitleriň okgunly ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar.
Hasabata bellenilişi ýaly, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere Maksatnamanyň taslamasynda şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijilere, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalaryna, ýerine ýetirilmeli işlere, welaýatlar we şäherler boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijilerine ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy.