Türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar
Tokio şäheri, Ýaponiýa. (Surat: ''Bloomberg'')

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwary aralygynda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.

Saparyň çäklerinde ýurduň hökümet edarasynda, mejlisinde, degişli ministrlikleridir bölümlerinde maliýe we eksport karz agentlikleriniň hem-de öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i duşenbe güni habar berdi.

Ýakynda geçiriljek duşuşyklaryň gün tertibinde döwletara gepleşikleri güýçlendirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy boýunça gatnaşyklary giňeltmek, syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak, şeýle hem ylym-bilim gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garalar.

Türkmen wekiliýetiniň geçen ýylyň dekabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäginde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň arasynda iki sany şertnama gol çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň awiasiýa edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Tokio şäherinde geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022