Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze athana toplumynda şenbe güni geçiren iş maslahatynda täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meseleleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurdaky işleriň alnyp barlyşyna nägilelik bildirdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewiň gatnaşmagynda geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaýlaryna ilatyň göçürilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini we ilatyň täze şäherde ýaşamaklary ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerindäki işleriň bellenilen möhletinden yza galýandygyny aýdyp, Derýageldi Orazowyň bu ugurda alyp barýan işleriniň guralyşyna nägilelik bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Derýageldi Orazowa we Şamuhammet Durdylyýewe ýüzlenip, ýol berlen säwlikleri gysga wagtda düzetmek hem-de Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowyň gatnaşmagynda dowam eden iş maslahatynda B.Rejebow häzirki döwrüň şatlykly wakalaryna hoşallygyň nyşany hökmünde Şatlyk atly alabaý güjüjegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gowşuryp bermegini türkmen halkynyň Milli Liderinden haýyş etdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy we taslamalar bilen tanyşdy.