Türkmenistan we Ýaponiýa “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” sammitiniň guramaçylygyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Ýaponiýa “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” sammitiniň guramaçylygyny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 22-nji ýanwary, Tokio, Ýaponiýa.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşdy. Türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine iş saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda taraplar “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitini guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Raşid Meredow türkmen tarapynyň bu ýokary derejeli forumyň geçirilmegini goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de häzirki ýagdaýda we ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeň ösýändigini belledi. Şeýle hem ýokary derejedäki yzygiderli syýasy gepleşikleriň netijeli hyzmatdaşlygyň esasy bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, duşuşykda durnuklylyga we uzak möhletlilige eýe bolan özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine aýratyn üns berildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tokio şäherine iş saparynyň çäklerinde duşenbe güni Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

2022