Türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmen wekiliýeti bilen Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 22-nji ýanwary, Tokio, Ýaponiýa.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tokio şäherine iş saparynyň çäklerinde duşenbe güni Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşgyň barşynda geljegi uly bolan taslamalary amala aşyrmagyň meselelerine üns çekildi. Hususan-da, özüne düşýän gymmaty ýokary bolan önümleriň eksport edilmegine ýapon kompaniýalarynyň çekilmegi, taslamalaryň maliýeleşdirilmeginiň diwersifikasiýasy, “ýaşyl” we wodorod energetikasy boýunça tejribäniň öwrenilmegi, döwrebap ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi, şeýle-de bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň çekilmegi boýunça meseleler maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy energetika, mineral serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ýapon kompaniýalary senagat we energetika geçişi bilen bagly taslamalary amala aşyrmaklyga uly gyzyklanma bildirdiler.

Gepleşikler tamamlanandan soň, türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen ýapon kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022