Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 23-nji ýanwary, Tokio, Ýaponiýa.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň arasynda 2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Tokio şäherinde geçirilen duşuşykda şu ýylyň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň guralmagynyň maksadalaýyk boljaklygy bellenildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji sammitini geçirmek boýunça meseleler hem maslahatlaşyldy. Şeýle-de şu ýylyň dowamynda parlament wekilleriniň amala aşyrjak saparlary barada pikir alyşmalar geçirildi.

Diplomatlar strategiki, durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine hem oňyn baha berdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi ýaly meseleler görkezildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.

2022