Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
“Biz Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine berk ynanýarys” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda bellenilýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.
“Kuwait News Agency” agentliginiň habaryna görä, Kuweýtiň Ministrler Kabineti 83 ýaşly mirasdüşer şazada Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahy Kuweýt Döwletiniň Emiri hökmünde yglan etdi.