Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Jeýhun kabel” hojalyk jemgyýeti howadaky elektrik geçiriji ulgamlar üçin niýetlenen daşy örtülmedik A (içinden alýumin geçýän) we AS (içinden polat geçýän) görnüşli kabelleriň ýylda 4 müň 200 tonnadan gowragyny öndürýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
“Jeýhun kabel” hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýyldan bäri elektrik geçirijileri hem-de kabelleri öndürmek bilen meşgullanýar we onuň öndürýän kabelleri içki we daşky elektrik geçirijilerde giňden peýdalanylýar.
Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşip, bu ýerde elektrik gurnamalar üçin niýetlenen, daşy poliwinilhlorid plastikaty bilen örtülen kabelleriň hem birnäçe görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy.
Kärhana her ýyl şeýle simleriň APW, PW1, PW2, PW3, PW4, APPW we PPW görnüşleriniň 5 müň kilometrini, daşy plastmassa bilen örtülen AWWG, APWG, PWG hem-de WWG görnüşleriniň bolsa 10 müň kilometrini öndürmek kuwwatyna eýedir.