Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko älem giňişliginde iň köp bolmak rekordyny täzeledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko älem giňişliginde iň köp bolmak rekordyny täzeledi
Türkmenistanyň Gahrymany, “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşyjylary gutlaýar, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

Türkmenistanyň Gahrymany, “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko älem giňişliginde galmagyň umumy dowamlylygy boýunça täze dünýä rekordyny goýdy.

TASS agentliginiň ýekşenbe güni habar bermegine görä, şu ýylyň 4-nji fewralynda Oleg Kononenko älem giňişliginde 878 gün, 11 sagat 29 minut we 48 sekunt geçirip, rekordy täzeledi.

Oleg Kononenko häzirki wagtda älem giňişligine bäşinji uçuşyny amala aşyrýar. Şeýle hem Oleg Kononenko şu ýylyň 5-nji iýunda Moskwa wagty bilen sagat 00:00:20-de älem giňişliginde 1 müň gün geçiren ilkinji adam bolar diýlip garaşylýar. Kosmonawtyň ýyllyk ekspedisiýasynyň ahyrynda onuň älem giňişliginde bolmagynyň umumy dowamlylygy 1 müň 110 güne deň bolar.

1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde dünýä inen Oleg Kononenko älem giňişligine ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylyň aprelinde amala aşyrdy. Oleg Kononenko ilkinji ekspedisiýasyndan gaýdyp geleninden soň, Russiýanyň Gahrymany we Russiýanyň Uçarman-kosmonawty diýen ada eýe boldy. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda oňa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at berildi.

2022