“Döwletli-Döwran” ýylda 80 milliondan gowrak klinker kerpijini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Döwletli-Döwran” ýylda 80 milliondan gowrak klinker kerpijini öndürýär
"Döwletli-Döwran” kärhanasy Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen “KazBuild 2022” halkara gurluşyk we interýer sergisinde, 2022-nji ýylyň 7-9-njy sentýabry.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän “Döwletli-Döwran” hojalyk jemgyýeti ýylda 80 milliondan gowrak klinker kerpijini öndürýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kompaniýa 2020-nji ýylda önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we keramiki klinker önümlerini öndürmek maksady bilen, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly zawody ulanyşa girizdi we bu ýerde keramiki hem-de klinker kerpiçler, keramiki termobloklar ýaly keramiki bezeg önümleriniň ençeme görnüşi taýýarlanýar.

“Döwletli-Döwran” kompaniýasynda 200-e golaý işçi-hünärmen zähmet çekýär. Kärhananyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündizde 550 tonna çig maly gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýa häzirki wagtda öndürýän harytlaryny Özbegistana ugradýar we Gazagystana hem eksport edip başlamak boýunça degişli işler geçirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022