“Dagly çemen” Daşoguzda dört sany täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Dagly çemen” Daşoguzda dört sany täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlady
“Dagly çemen” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze ýaşaýyş jaýlary, Daşoguz şäheri, Daşoguz welaýaty.

“Dagly çemen” hususy kärhanasynyň gurluşykçy hünärmenleri Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde dört sany täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, täze ýaşaýyş jaýlarynyň her biri 16 öýden hem-de üç we dört otagdan ybarat bolup, olar giňligi hem-de beýik potologynyň bolmagy bilen tapawutlanýarlar.

Dört otagly öýleriň umumy meýdany 200 metr kwadrata, üç otagly öýleriňki bolsa 171 metr kwadrata deňdir. Otaglardaky potoloklaryň beýikligi 3 metr 30 santimetra deň bolup, her bir öýde balkon ýerleşdirildi.

Häzirki wagtda Daşoguz şäherinde 80-den gowrak täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar.

2022