Tükmenistanyň Prezidenti pagtanyň we bugdaýyň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Tükmenistanyň Prezidenti pagtanyň we bugdaýyň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrdy
Türkmenistanda pagta ýygym möwsüminden bir pursat.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde pagtanyň we bugdaýyň satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak barada Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap:

- bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde;
- nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde;
- ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde bellenildi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýewe ýüzlenip, oba hojalyk pudagy tarapyndan oba hojalyk önümleriniň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. 

2022