Hindistanyň derman öndürýän kompaniýasy Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hindistanyň derman öndürýän kompaniýasy Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen “Sun Pharma” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly, Minsk, Belarus Respublikasy.

Hindistanyň derman öndürýän iri kompaniýasy “Sun Pharma” Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy maksat edinýär diýip, kompaniýanyň wekilleri anna güni Minsk şäherinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen geçirilen duşuşykda mälim etdiler.

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň şenbe güni habar bermegine görä, duşuşykda “Sun Pharma” kompaniýasynyň Türkmenistanda lukmançylyk dermanlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany döretmäge gyzyklanma bildirýändigi hem bellenildi. Duşuşyk Hindistanyň “Sun Pharma” kompaniýasynyň Belarus Respublikasyndaky wekili Naraýanar Subramoniýa Aeriň başlangyjy bilen geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hindi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmagyň çäginde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Nazarguly Şagulyýew öz gezeginde Naraýanar Subramoniýa Aere Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam edýän kanunçylyk barada gürrüň berdi we Hindistanyň derman öndürýän kompaniýasynyň wekillerini maýa goýum tekliplerini we hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy.

“Sun Pharmaceutical Industries Limited” — Hindistanyň derman öndürýän öňdebaryjy kompaniýasy bolup, ol dünýädäki iň uly derman kärhanalarynyň arasynda bäşinji orny eýeleýär. Kompaniýa dünýäniň 150-den gowrak ýurdunyň saglygy goraýyş pudaklarynyň lukmanlary we hassalary tarapyndan ynam bildirilýän ygtybarly we ýokary hilli dermanlary öndürýär.

2022