Azerbaýjanyň tankeri türkmen nebitini daşamakda ulanylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjanyň tankeri türkmen nebitini daşamakda ulanylar
Azerbaýjanyň “Gahryman Halilbeýli” tankeri, (Surat: Caliber.az)

Azerbaýjanyň tankeri “Gahryman Halilbeýli” Türkmenistandan nebit daşamak üçin ulanylar diýip, Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasyniň (ASCO) metbugat gullugynyň başlygy Mehman Mehdiýew Caliber.az internet portalyna beren interwýusynda mälim etdi.

Mehman Mehdiýew ýakynda “Zyh” gämi abatlaýyş we gurluşyk zawodynda bu gämini düýpli abatlaýyş işleriniň üstünlikli tamamlanandygyny we tankeriň ýakyn wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna ilkinji ýüzüşini amala aşyrjakdygyny aýtdy.

“Abatlaýyş işleriniň geçirilen wagtynda tankeriň suwasty we ýerüsti bölekleri arassalandy hem-de boýaldy, şeýle hem hereketlendiriji otagyndaky, esasy hereketlendirijidäki, gazan otaglaryndaky, kömekçi hereketlendirijilerdäki mehanizmler çalşyldy. Mundan başga-da, gämi kebşirlemek we elektrik gurnamak işleri geçirildi hem-de gäminiň ekipažy üçin kabinalar abatlanyldy. Has ösen häzirki zaman aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamlary oturdyldy” diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenbaşy halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany deňiz, ýol we demir ýoly bilen birleşdirýän “deňiz derwezesi” bolup, ol öz gezeginde sebitdäki iň uly üstaşyr merkez hökmünde hyzmat edýär. Portda ýüklemek we düşürmek, şeýle hem harytlary saklamak üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge doly mümkinçilik berýän iri ýükleme-düşürme terminallar bolup, olarda kuwwatly tehnikalar ornaşdyrylandyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022