Özbek telekeçileri Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdylar

Özbek telekeçileri Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdylar
Özbek telekeçilerinden düzülen wekiliýet Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp görýär, 2026-njy ýylyň 5-nji noýabry. (Surat: Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy)

Özbek telekeçiler Türkmenistana amala aşyran işewürlik saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp, onuň infrastrukturasy, ýük geçirijilik mümkinçilikleri hem-de eksport-import ýüklerine hyzmat etmek üçin döredilen şertleriň ýagdaýy bilen tanyşdylar. Bu barada Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Işewürlik saparyna Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Odilhon Rustamow we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçysy Parahat Jumaýew gatnaşdy. Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekillerine hereket edýän ulag ugurlary, logistika hyzmatlary hem-de telekeçiler üçin göz öňünde tutulan nyrh ýeňillikleri barada maglumat berildi.

Türkmenbaşy halkara deňiz porty 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda ulanmaga berlip, taslamanyň bahasy 1,5 milliard ABŞ dollaryndan geçýär. 150 gektardan gowrak meýdany eýeleýän Türkmenbaşy portunyň nebit önümlerini hasaba almazdan, ýylda 17 million tonna ýük geçirmäge niýetlenen taslama kuwwaty bar. Mundan başga-da, port ýylda 400 müň konteýneri (TEU), 75 müň ýük awtoulagyny we 300 müň ýolagçyny kabul etmäge niýetlenendir.

Telekeçiler üçin ýükleri saklamak, ýüklemek-düşürmek we daşamak boýunça göz öňünde tutlan nyrh ýeňillikleri hem-de arzanladyşlar eksport-import amallary amala aşyrylanda logistika çykdajylaryny ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmagyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň telekeçileriniň arasynda işewür gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşdylar.

2022