Balkan welaýatynda iki sany elektrik podstansiýasy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkan welaýatynda iki sany elektrik podstansiýasy gurlar
Balkanabat döwlet elektrik stansiýasy, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda kuwwaty 35 kilowat we 110 kilowat bolan täze podstansiýalar gurlar.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi bu podstansiýalary dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bu bäsleşik “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde sişenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň energetika ministriniň adyna gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, bellige alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça görnüşinde arza tabşyrmaly.

Şeýle hem 1500 ABŞ dollary möçberinde (GBüS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg töläp, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Elektrik podstansiýalary gurmak boýunça bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 22-nji martyna çenli kabul edilýär.

2022