TDHÇMB-da 216 million manatlyk tehniki kükürt kislotasy satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da 216 million manatlyk tehniki kükürt kislotasy satyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) sişenbe güni ýerli telekeçi jemi bahasy 216 million manada barabar bolan tehniki kükürt kislotasyny satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň habar bermegine görä, TDHÇMB-da geçirilen söwdalarda türkmen telekeçisiniň satyn alan tehniki kükürt kislotasy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparynyň wekili çig kreton mata satyn aldy. Geleşikleriň umymy bahasy 51 müň 200 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 28 million 619 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022