Türkmen diplomaty we “The Investor” neşiri işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen diplomaty we “The Investor” neşiri işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýewiň “The Investor” atly halkara neşiriň redaksiýasynyň direktory Leandro Slowinski bilen geçiren duşuşygy, 2024-nji ýylyň 14-nji fewraly, Pariž, Fransiýa.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew çarşenbe güni Fransiýanyň öňdebaryjy “Beyond Investments Group” konsalting kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän “The Investor” atly halkara neşiriň redaksiýasynyň direktory Leandro Slowinski bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşler Türkmenistan bilen “The Investor” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine we ony ösdürmegiň, bilelikde iş alyp barmagyň ugurlaryna, şol sanda maýa goýumlary çekmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Žurnalyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sanyny çap etmek meýillerine aýratyn üns berildi. Leandro Slowinski dünýäniň işewürler jemgyýetine tanyşdyrmak maksady bilen ýurduň ykdysady kuwwatyklaryny çuňňur öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Redaksiýanyň direktory “The Investor Turkmenistan 2024” atly taslamanyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtady.

Leandro Slowinski “The Investor Turkmenistan 2024” taslamasynyň dünýäniň işewürler jemgyýetine Türkmenistany tanyşdyrmakda täsirli gural boljakdygyna ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň barşynda žurnalyň ýörite sany üçin makalalary taýýarlamak we ýurduň Hökümet edaralarynyň esasy wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek üçin Leandro Slowinskiniň geljekde Türkmenistana boljak saparynyň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirildi.

“Beyond Investments Group” dünýäniň dürli şäherlerinde şahamçalary bolan öňdebaryjy konsalting we metbugat kompaniýasydyr. Kompaniýa ösýän bazarlar barada iň soňky maglumatlardyr täzelikleri tanyşdyrmaga ýöriteleşip, onuň umumy maýasy 60 milliard ABŞ dollaryndan geçýän 48 ýurtdan bolan 165 müňden gowrak maýadarlaryň ulgamyna elýeterliligi bar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022