BAE-niň we Gazagystanyň işewürleri $9,62 millionlyk polipropilen satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
BAE-niň we Gazagystanyň işewürleri $9,62 millionlyk polipropilen satyn aldylar
Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň polipropilen terminaly, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 9 million 620 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen TPP D 382 BF kysymly polipropileni satyn aldylar.

Şeýle hem ýerli telekeçiler içerki bazar üçin şepbeşik nebit ýol bitumyny, türkmen el halysyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 517 müň 996,83 manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 28 million 619 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022