“Dowardarçylyk” maldarçylyk hojalygy 12,5 müňden gowrak owlak-guzy aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Dowardarçylyk” maldarçylyk hojalygy 12,5 müňden gowrak owlak-guzy aldy
Öri meýdanda bakylýan mallar, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çägindäki “Dowardarçylyk” maldarçylyk hojalygynyň maldarlary şu ýyl 16 müňe golaý ene dowardan 12,5 müňden gowrak owlak-guzy aldylar. Bu barada “Daşoguz habarlary” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem maldarçylyk hojalygynyň maldarlary 753 sany ene düýeden 339 sany köşek alyp, bu baradaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Maldarlar özleriniň mal bakýan ýerlerinde gije-gündiziň dowamynda sürüleriň ýanynda bolup, olaryň kadaly ot-suwuny, ýyly ýataklarda saklanylmagyny üpjün edýärler.

Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň daýhan birleşikleriniň maldarlary meýilnamalaýyn tabşyryk boýunça şu ýyl dowarlardan 10 müň 310 guzy almaga borçlanýarlar.

2022