TSSE Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzasy bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSSE Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzasy bolar
Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň adatdan daşary Baş assambleýasynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy, 2024-nji ýylyň 6-njy marty.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň adatdan daşary Baş assambleýasynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda birleşige öňden synçy hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyny Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzalygyna kabul etmek baradaky teklip öňe sürüldi we bu teklibi duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisiniň biragyzdan goldandygy barada habar berildi.

Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň agza ýurtlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşykda Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň we olary täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat edýän Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe Respublikalary doly hukukly agzalarydyr. Türkmenistan, Wengriýa, Demirgazyk Kipr bolsa synçy agzalary bolup durýar.

2022