Türkmenistan işewürlik gurşawyny döretmekde maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan işewürlik gurşawyny döretmekde maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekçi
“Business 5+1” işewürlik maslahaty, 2024-nji ýylyň 14-nji marty, Almaty, Gazagystan (Surat: CIPE)

Türkmenistan amatly işewürlik gurşawyny döretmekde halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär diýip, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew penşenbe güni Almaty şäherinde geçirilen “Business 5+1” (B5+1) işewürlik maslahatynda mälim etdi.

Türkmenistanyň habarlar portalynyň habar bermegine görä, Serdar Joraýew maýa goýum işini goldamak üçin ýurduň halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeltmegi meýilleşdirýändigini hem aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, Türkmenistanyň jemi içerki önüminde döwlete dahylly bolmadyk pudagyň eýeleýän paýynyň 2023-nji ýylda 71,3 göterim bolandygyny belledi.

“B5+1” forumyny geçirmeklik ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maliýeleşdirmeginde we Halkara hususy telekeçilik merkeziniň (CIPE) dolandyrmagynda amala aşyrylýan “Merkezi Aziýada işewürlik gurşawyny gowulandyrmak” maksatnamasynyň çäklerinde öňe sürüldi. Bu çäre Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň döwlet we işewür düzümleriniň wekillerini hem-de bilermenlerini bir ýere jemledi. Onuň esasy maksady Merkezi Aziýada söwdany, maýa goýumy we ykdysady arabaglanyşygy goldamak bolup durýar.

2022