Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Nowruz baýramy bilen gutladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Nowruz baýramy bilen gutladylar
Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän çärelerden bir pursat

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa bahar paslynyň, täzelenişiň hem-de ýaşaýşyň dabaralanmagynyň baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny ugratdylar.

Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlary gutlag hatlarynda Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.

Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.

2022