“Ukraine Business Review” gazetinde Änew şäheri hakynda makala çap edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ukraine Business Review” gazetinde Änew şäheri hakynda makala çap edildi
Änew şäheri, Türkmenistan

Ukrainanyň “Ukraine Business Review” gazetiniň şu ýylyň 18-nji martyndaky sanynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň gatnaşmagynda taýýarlanan “Änew şäheri – türkmen topragynyň gadymy medeniýetiniň mekany” ady bilen taýýarlanylan makala ýerleşdirildi.

Makalada ýedi müň ýyldan gowrak taryhy bolan Änew şäheriniň bahasyna ýetip bolmajak mirasynyň medeni we taryhy ähmiýeti nygtalýar. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy habar berdi.

Şeýle hem onda XV asyryň ortalarynda gurlan Seýit Jemaleddin metjidine, Änewiň çäginde gadymy oturymly ýerleriniň yzlary boýunça täsin açyşlara, köp sanly artefaktlara aýratyn üns berilýär.

Türki medeniýetiniň halkara guramasy – TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Türkmenistan bilen TÜRKSOY şu ýyl gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen baý çäreleriň meýilnamasyny taýýarlady.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäherinde ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky kitaphana bilen bilelikde her ýyl 21-nji martda bellenilýän Bütindünýä şygryýet güni hem-de görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli goşgylaryň labyzly we çeper okalyşyny gurnady.

2022