Merkezi Aziýa boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş maksatnamasynyň direktory Aleksandr Millmanyň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň (CDC) wekiliýeti penşenbe güni Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşdy.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, CDC wekiliýeti ABŞ-nyň hökümetiniň ýurduň ýokanç kesel howplarynyň öňüni almak, anyklamak we olara garşy göreşmek mümkinçiligini, şol sanda kämil jemgyýetçilik saglygy goraýyş işgärlerini goldamak boýunça gyzyklanmalaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda meýdan epidemiologiýa okuw maksatnamasy (FETP) arkaly saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek hem-de ýokary töwekgelçilikli ýokanç keselleri ýüze çykarmak ukybyny ýokarlandyrmak ýaly hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň Merkezi Aziýadaky ilkinji wekilhanasy 1995-nji ýylda Gazagystanda açyldy we häzirki wagtda CDC-niň Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda wekilhanalary hereket edýär.