Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi aprel aýynyň başyna geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi aprel aýynyň başyna geçiriler
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergi, 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda şu ýylyň 3-5-nji aprelinde ýurduň söwda toplumynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde sergä görilýän taýýarlyk işleri boýunça hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, gözden geçirilişe söwda toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň köp sanlysynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 210-dan gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Wise-premýer bu serginiň Türkmenistanyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, dokma, halyçylyk pudaklarynda, beýleki ugurlarda gazanýan üstünliklerini görkezjekdigini aýtdy.

Onuň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli modeller öýleriniň milli lybaslarynyň dabaraly görkezilişini, söwda toplumyna degişli kärhanalaryň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çärelerini guramak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu sergini ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny nygtady we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine jogapkär orunbasary Mährijemal Mämmedowa aprel aýynda Bütindünýä saglyk günini, Oraza baýramyny we Türkmen bedewiniň milli baýramyny, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň hem-de Mary şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabaralaryny we birnäçe çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022