Türkmenistan bilen Gazagystan gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Gazagystan gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
Gazagystanyň “НК”QazaqGaz” PJ-niň müdiriýetiniň başlygynyň Türkmenistanyň resmileri bilen geçiren duşuşygy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “НК”QazaqGaz”)

Gazagystanyň “НК”QazaqGaz” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Sanžar Žarkeşow Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada “НК”QazaqGaz” paýdarlar jemgyýeti sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde taraplar gaz hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň çäginde gaz geçiriji taslamalaryny durmuşa geçirmäge we özara bähbitlilik esasynda gaz üpjünçiligine özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça taraplar gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022