Türkmen kompaniýalary öz önümlerini “UzFood 2024” halkara sergisinde tanyşdyrdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýalary öz önümlerini “UzFood 2024” halkara sergisinde tanyşdyrdylar
“Halk Hazyna” hojalyk jemgyýetiniň wekilleri “UzFood 2024” halkara söwda sergisinde, 2024-nji ýylyň 26-28-nji marty, Daşkent, Özbegistan (Surat: USAID)

Türkmenistanyň “Okgun” hususy kärhanasy we “Halk Hazyna” hojalyk jemgyýeti öz önümleri bilen Özbegistanyň Daşkent şäherinde 2024-nji ýylyň 26-28-nji marty aralygynda geçirilen “UzFood 2024” halkara söwda sergisine gatnaşdylar. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş guramasynyň (USAID) sosial ulgamynda habar berilýär.

Kompaniýalar bu sergä USAID-iň telekeçiligi we işewürlik jemgyýetini ösdürmek boýunça alyp barýan taslamasynyň ýardam bermegi esasynda gatnaşdylar.

Serginiň dowamynda konditer önümlerini öndürýän “Okgun” hususy kärhanasynyň ýolbaşçylary eksport etmek we Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de Täjigistanyň bazarlaryna girmek mümkinçiligini öwrenip, dürli ýurtlaryň alyjylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

Özbegistanyň we daşary ýurtlaryň distribýutor kompaniýalarynyň 40-dan gowragy “Okgun” kompaniýasynyň önümlerini import etmäge gyzyklanma bildirdiler we olardan täjirçilik tekliplerini soradylar. Hususan-da, Özbegistanyň meşhur “Korzinka” we “Marko” ýaly bölek satuw zynjyrlary “Okgun” kompaniýasynyň önümlerini ýerlemäge gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanda “Innovapak” haryt nyşany bilen plastmassa gaplamalaryny öndürýän öňdebaryjy “Halk Hazyna” hojalyk jemgyýetiniň wekilleri serginiň barşynda birnäçe söhbetdeşliklere gatnaşdylar we Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Hytaýyň 50-den gowrak kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrendiler.

Mundan başga-da, kompaniýanyň wekilleri “Innovapak” haryt nyşany bilen öndürilýän gaplama önümlerini import etmäge gyzyklanma bildirýän Özbegistanyň, Täjigistandyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

“UzFood” halkara sergisi azyk senagatynda we azyk önümleri pudagynda esasy çäre bolup, oňa her ýyl Özbegistanyň we daşary ýurtlaryň azyk senagatynyň öňdebaryjy öndürijileri, üpjün edijileri we distribýutorlary gatnaşýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022