Aprel I hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $21 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aprel I hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $21 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 20 million 590 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň telekeçileri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplügi, jinsi matalary, pagta süýümi ýerlenildi.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropileni we nebit ýol bitumyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 6 million 701 müň manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

2022