Lebaply maldarlar Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda bakýan dowarlarynyň 79 müň 206-syndan 73 müň 912 sany owlak-guzy aldylar. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti penşenbe güni habar berdi.
Maldar Gadamjan Babaýewiň gürrüň bermegine görä, şu ýyl “Serdar” maldarçylyk hojalygynyň maldarlary ene dowarlaryň 3111-sinden owlak-guzularyň 2937-sini almagy başaryp, tutuş welaýat boýunça ilkinji bolup meýilnamasyny ýerine ýetirdiler.
Şeýle hem Hojambaz etrabynyň “Tally merjen”, Halaç etrabynyň “Garagum”, Saýat etrabynyň “Jeýhun”, Köýtendag etrabynyň “Köýtendag” maldarçylyk hojalyklarynda hem owlak-guzy almak möwsümi üstünliklere beslendi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çägindäki “Dowardarçylyk” maldarçylyk hojalygynyň maldarlary şu ýyl 16 müňe golaý ene dowardan 12,5 müňden gowrak owlak-guzy aldylar.