Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 9 million 947 müň 950 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Şotlandiýanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen TS-1 kysymly awiakerosini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Şeýle hem Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 611 müň 750 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler umumy bahasy 1 million 205 müň ABŞ dollaryna deň bolan SN-350 kysymly başlangyç ýagy hem-de jemi bahasy 1 million 531 müň 200 ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.
Içerki bazar üçin türkmen telekeçisi umumy bahasy 3 million 599 müň 039,705 manada deň bolan düz aýna satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 20 million 590 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.