Astrahan aýna zawody öz önümleriniň Türkmenistana iberilişini gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astrahan aýna zawody öz önümleriniň Türkmenistana iberilişini gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär
Russiýanyň Stawropol sebitindäki aýna zawodynda alnyp barylýan işlerden bir pursat (Surat: photolit.ru)

Astrahan oblastynyň “BM Astrahansteklo” aýna zawody şu ýylyň iýul aýyndan öz önümleriniň Türkmenistana, şeýle hem Gazagystana we Azerbaýjana iberilişini gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär diýip, “Steklo plýus” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň baş direktory Ýelena Pişuhina Astrahan oblastynyň maýa goýum komitetiniň maslahatynyň çäklerinde mälim etdi.

TASS habarlar gullugynyň duşenbe güni habar bermegine görä, Ýelena Pişuhina kärhananyň şertli bankalaryň we çüýşeleriň ýylda 180 milliondan gowrak birligini çykarmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda kärhana sekiz ýyllyk arakesmeden soň, öz işini gaýtadan dikeldýär we degişli taslama 500 million rubldan gowrak maýa goýuldy. Kärhana ilkinji önümini geljek 3-4 hepdäniň dowamynda almagy meýilleşdirýär.

“Kärhana 15 ýyldan gowrak wagt hyzmat edip, birnäçe gezek ýylyň eksportçysy boldy we onuň önümleriniň iberiliş çägi Gazagystana, Azerbaýjana, Türkmenistana hem ýaýrapdy” diýip, Ýelena Pişuhina belledi.

Aýna gaplary öndürmäge ýöriteleşen “BM Astrahansteklo” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti 2007-nji ýylyň maý aýynda döredildi. 2016-njy ýylda işini bes edýän döwrüne çenli, zawod önümleriň 40-dan gowrak görnüşini öndürýärdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022