Türkmen telekeçisi kakadylan çörek bölejikleriniň günde 36 müň gabyny taýýarlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi kakadylan çörek bölejikleriniň günde 36 müň gabyny taýýarlaýar
Тelekeçi Alym Joraýew “Her gün” haryt nyşanly önümler bilen tanyşdyrýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Alym Joraýewiň “Her gün” haryt nyşanly önümleri öndürýän önümçilik bölüminde gowrulan ýeralmanyň we kakadylan çörek bölejikleriniň günde 36 müň gaby taýýarlanylýar.

“Türkmen gündogary” gazetinde penşenbe güni habar berilmegine görä, “Her gün” haryt nyşanly önümleri öndürýän kärhanada her gün sygyr süýdüniň 2,5 tonnasy gaýtadan işlenilip, süýt, gatyk, gaýmak, dorog, peýnir önümleri taýýarlanylýar we ilata ýetirilýär.

Kärhanada Türkiýäniň we Niderlandlaryň döwrebap tehnikalary ulanylyp, süýt önümlerinden başga-da, gowrulan ýeralmanyň bäş görnüşi, kakadylan çörek bölejikleriniň alty görnüşi öndürilýär. Hususy kärhana önümleriniň möçberini ýene-de artdyrmagy göz öňünde tutýar.

Telekeçi Alym Joraýew 2016-njy ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Awçy geňeşliginde “Her gün” haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy önümçiligini döretdi.

2022