Azerbaýjan 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alyş-çalşyk usuly arkaly Türkmenistandan tebigy gazyň importyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende 2,4 göterim ýokarlandyrdy.
ABC.AZ agentliginiň penşenbe güni habar bermegine görä, Azerbaýjanyň alyş-çalşyk usuly arkaly Türkmenistandan satyn alan tebigy gazynyň mukdary 208,87 million kub metre we 31,33 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, Azerbaýjan 2023-nji ýylda Türkmenistandan 1,51 milliard kub metre barabar bolan tebigy gaz import etdi.
Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň arasyndaky üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy şertnamasyna laýyklykda, Azerbaýjan häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny import edýär.