Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 28 million 63 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Birleşen Arap Emirliklerinden (BAE) we Maltadan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 26 million 880 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem BAE-li işewür jemi bahasy 683 müň ABŞ dollaryna deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldy.

Owganystanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa birža söwdalarynda umymy bahasy 500 müň ABŞ dollaryna barabar bolan "B" kysymly karbamidi satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 35 million 703 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022