Türkmenistan we Eýran elektrik geçiriji ulgamynyň üçünji şahasynyň gurluşygyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Eýran elektrik geçiriji ulgamynyň üçünji şahasynyň gurluşygyny maslahatlaşdylar
Mary döwlet elektrik stansiýasy, Mary welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Tähran şäherinde elektrik energiýasynyň önümçiligi we paýlanylyşy boýunça eýran kompaniýasynyň daşary söwda wekilhanasynyň (TAVANIR) baş direktory Mehrdad Eklimi bilen duşuşdy.

“Tehran Times” gazetiniň anna güni habar bermegine görä, taraplar umumy mümkinçilikleri giňeltmäge we iki döwletiň arasynda elektrik geçiriji ulgamynyň üçünji şahasyny gurup ulanmaga bermek boýunça bilelikdäki kärhananyň taslamasyny maliýeleşdirmek işine ýardam bermäge degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Mehrdad Eklimi kompaniýanyň meýdançasynda bilermenler derejesinde duşuşygyň geçirilendigini we onuň maksadynyň degişli ugurda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdygyny aýtdy.

Şeýle hem Mehrdad Eklimi elektrik geçiriji ulgamynyň degişli şahasy işe girizilenden soň, iki ýurduň arasyndaky elektrik geçirijileriň kuwwatynyň iki esse artjakdygyny nygtady.

Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde şeýle hem elektrik enjamlary, tehniki we inženerçilik hyzmatlary pudagynda goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça bilermenler duşuşygy geçirildi.

2022