Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy (TFF) Guwançmuhammet Owekow, ýurduň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mergen Orazow we Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Niderlandlar Patyşalygynyň futbol birleşiginiň halkara gatnaşyklar boýunça baş sekretary Giýs de Ýong we bu Birleşigiň halkara tälimçileri taýýarlamak boýunça direktory Maýkl wan der Star bilen onlaýn duşuşyk geçirdiler. Onuň çäklerinde niderland tarapy Türkmenistana gelip görmäge gyzyklanma bildirýändiklerini we sapar bilen barmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, Niderlandlar Patyşalygynyň futbol birleşiginiň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini, şol sanda futbol we türgenleşik desgalary boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalary ýerinde öwrenmäge hem gyzyklanma bildirdiler.
Habarda bellenilişi ýaly, bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Niderlandlar Patyşalygyna saparlaryny hem guramak göz öňünde tutular.
Duşuşyga gatnaşyjylar tälimçileriň hünär endiklerini ösdürmäge aýratyn üns berdiler. Taraplar Türkmenistanda futbol türgenleşikleriniň hilini ýokarlandyrmak üçin tejribeleri alyşmagyň maksadalaýykdygyny bellediler.
Şeýle hem gepleşikleriň çäklerinde oýunçylar üçin maksatnamalary alyşmagyň we niderland bilermenleri bilen türgenleşik okuwlaryny guramagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy öz gezeginde milli Futbol federasiýasy bilen Patyşalygyň futbol birleşiginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar futbol ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga özleriniň ygrarlydyklaryny tassykladylar.
1889-njy ýylda esaslandyrylan Niderlandlaryň Patyşalyk futbol birleşigi ýurtdaky futbol sporty dolandyrýan gurama bolup durýar.