Owganystan Türkmenistandan geçen ýyl umumy bahasy 64 million ABŞ dollaryna barabar bolan elektrik energiýa import etdi. Bu barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) energetika kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “TOLOnews” agentligi çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Owganystan Täjigistandan (71 million ABŞ dollary) we Eýrandan (48 million ABŞ dollary) elektrik energiýa import etdi.
Şu ýyl Owganystan Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan we Eýran bilen şertnamalary baglaşyp 6,7 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny satyn almagy meýilleşdirýär.
Türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) energetika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda 2024-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda geçirilen duşuşykda taraplar Hyrat welaýatyndaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanylmagyny we onuň ulanyşa berilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.